Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin «Expo Georgia» sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.
Soňra bu ýerde Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi.
Forumda, ilki bilen, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de foruma gatnaşyjylary mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Gruziýada kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi we şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnukly, ýokary depginde ösdürilýändiginiň, hususy pudak, işewürler üçin täze, giň gözýetimleri açýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidigini nygtady.
Irakliý Kobahidze häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly bilelikdäki kärhanalaryň, kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygyny aýdyp, bu toplanan baý tejribäniň geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.
Gruziýanyň Premýer-ministri hemmelere üstünlikleri arzuw edip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, anyk başlangyçlary öňe sürmäge, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada aýdyp, 2026-njy ýylyň başynda ýurdumyzda maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň esasy maksadynyň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamakdan ybaratdygyny nygtady. Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişendigini aýtdy. «Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, biz bu ugurda daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän pudakda täze kuwwatlyklar işe girizildi. Häzirki döwürde taýýar suwuk nebit önümleri Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryna durnukly eksport edilýär. Türkmenistan dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri, beýleki himiýa önümlerini öndürýän zawodlary gurup, gazhimiýa pudagynda senagat taýdan kuwwatly ösüşi gazandy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň hem netijeli ösdürilýändigini, soňky ýyllarda gurluşyk serişdelerini, metal, plastik, kabel we elektrotehnika önümlerini öndürýän kuwwatly önümçilikleriň ýola goýlandygyny aýtdy.
Ýurdumyzda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan hem geçýär. Öndürilýän dokma önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy eksporta iberilýär. Oba hojalyk pudagy hem maýa goýumlaryň, hususy pudagyň ösüşiniň netijesinde eksport mümkinçiligini artdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan ekologik taýdan arassa azyk harytlaryny iberýän iri ýurtlaryň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady. «Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin. Türkmenistan syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde-de Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň bu foruma ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda yzygiderli, oýlanyşykly, anyk dialogyň başlangyjy hökmünde garaýandygyny, şeýle çäreleriň yzygiderli esasda ýurdumyzda we Gruziýada geçiriljekdiginden ugur alýandygyny nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara netijeli gatnaşyklary, peýdaly ideýalary, tejribeleri alyşmagy arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.







