16-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Tbilisi şäherine ugramak üçin Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Howa menzilinden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerdeTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Prezident Mihail Kawelaşwili belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekledi hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gruziýa sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesine gabat gelýändigini belläp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny bu waka bilen gutlady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça «Hazar deňzi — Gara deňiz» ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.
Ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gruziýa bilen medeni, ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.







