Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 15-nji iýulda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly isleg bildirildi.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri türkmen işewürlerinden dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 000 000,00 manada we 82 710,00 ABŞ dollarynda deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.







