GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär
15.07.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky 
hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak.
2. Nebitgazgeçirijilerini we ne­bitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak.
3. Himiýa, nebiti we gazy gaý­tadan işleýän senagat kärhanala­rynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
4. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.
5. Maglumat ulgamlary.
6. Elektroenergetika ulgamlary­nyň rele goragy we awtomatikasy.
7. Senagat enjamlaryny gurna­mak we tehniki taýdan ulanmak.
8. Ölçeg barlag enjamlary we awtomatika.
9. Maglumatlary işläp taýýarla­magyň we dolandyrmagyň awto­matlaşdyrylan ulgamlary.
10. Nebiti we gazy gaýtadan işlemek.
11. Nebit we gaz guýularyny burawlamak.
12. Maglumat ulgamlary we programmirlemek.
13. Himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek.
14. Standartlaşdyrmak we ser­tifikatlaşdyrmak.
15. Ykdysadyýet we buhgalter­çilik hasaba alnyşy.
16. Buhgalterçilik hasaba alny­şy we audit.
17. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 
Okuwyň möhleti — 2,5 ýyl.
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 
Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
— bilim baradaky resminama (asyl nusgasy); 
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagt ynda amal etmegiň kepil haty; 
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 
— pasportyny; 
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artyk maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa ka­bul edilmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary şäheri) 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 20-21-i, 23-i we 24-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň ter tibin de bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin ar­tykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar. 
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary şäheri, Kemine köçesi, 33;

tel.: (800522) 4­66­65, 4­63­42, 4­66­10.