Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, özbek wekiliýetine bolsa Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredip, türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy şerti hökmünde ýokary derejedäki özara saparlaryň, duşuşyklaryň we gepleşikleriň durýandygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn derejede işjeň syýasy gepleşikleri saklamaga, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Birek-biregiň halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga hem-de sebit we dünýä gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça çemeleşmelerini ylalaşmaga özara taýýarlyk tassyklanyldy.
Taraplar özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, parlamentara we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şeýle hem iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Ikitaraplaýyn gün tertibiniň çäklerinde şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň aýratyn bir bölümi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy. Özara söwdany mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, maýa goýum gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Ulag-üstaşyr arabaglanyşygyny ösdürmegiň, täze halkara ulag geçelgelerini kemala getirmegiň, logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň, şeýle hem senagatda, oba hojalygynda, energetika pudagynda we sanly ykdysadyýetde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi anyk görnüşde gözden geçirildi.
Iki ýurduň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Taraplar bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ýaşlar syýasaty we sport ulgamlaryndaky özara hereketleriň oňyn depginini belläp, ynsanperwer alyş-çalyşlary giňeltmäge, bilelikdäki medeni çäreleri geçirmäge hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Şol gün döwletara hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Aşakdaky resminamalara gol çekildi:
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy.







