GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy rekord wagtda giň gerimli gaz taslamasyny başladýarlar
15.07.2026

Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasyna degişli bolan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän iri gaz toplumlarynyň gözleg we burawlaýyş işlerine eýýäm şu ýylyň dekabr aýynda başlanyp bilner. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim belläp geçdi diýip, nst.com internet-neşiri habar berýär.

Malaýziýanyň hökümet baştutanynyň aýtmagyna görä, bu taslama pudakda iň çalt amala aşyrylanlaryň biri bolar. Çünki burawlaýyş işlerine ylalaşyga gol çekilenden soňra gysga wagtyň içinde geçildi (adatça bu bir ýarym ýyldan iki ýyla çenli çekýär).

Anwar Ibrahim Türkmenistandaky gaz toplumlarynyň özleşdirilmegi Malaýziýanyň dünýäde iň iri gaz ätiýaçlyklarynyň eýeleriniň hataryna goşjakdygyny belledi.

Premýer-ministriň aýtmagyna görä, üpjünçilik çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak hökümetiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrýan strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagyna galýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň hem-de konserniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.