GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebine resminamalary kabul etmeklik başlady
14.07.2026

10-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Buýrugy ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi dalaşgärleriň resminamalaryny bellenen tertipde kabul etmäge başlady.

Resminamalary kabul etmeklik 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 17-ne çenli dowam eder.