10-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Şu ýyl nebitgaz ugurly ýokary okuw jaýlary maksatnamalaryň we hünärleriň giň saýlawyny hödürleýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti taýýarlygyň ugurlaryny giňeltdi we täze magistr maksatnamalaryny goşdy.
- Nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary (hünärmen maksatnamasy);
- Kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi (magistr maksatnamasy);
- Nebitgaz pudagynda maglumat howpsuzlygy (magistr maksatnamasy);
- Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (magistr maksatnamasy)
«Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi alty sany täze hünär goşdy. Hususanda:
- Nebiti we gazy gaýtadan işlemek;
- Nebit we gaz guýularyny burawlamak;
-Maglumat ulgamlary we programmirlemek;
- Himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek;
- Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak;
- Kompýuter ulgamlary we toplumlary.
Hünärleriň görnüşleriniň giňeldilmegi we häzirki zaman magistr maksatnamalarynyň girizilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagyny täze görnüşli ýokary derejeli taýýarlygy bolan hünärmenler bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.







