Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebitgaz pudagynyň önümlerine isleg bildirildi.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Daşarky bazarda Gruziýanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda birinji hilli bugdaý ununy, ýig ýüpegi we pagta süýümini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Daşarky bazarda birinji hilli arassalanan pagta ýagy, nah mata, dokma önümleri, biz mata we gurluşyk önümleri satyn alyndy. Satyn alyjylar Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirliklerini (BAE) we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri boldular.
Nah ýüplügi içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.







