GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz pudagy hasabat ýygnagynda ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
13.07.2026

11-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Hasabat ýygnagyna gatnaşanlar 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Hasabat ýygnagyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow açdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz pudagynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini we toplumyň kämilleşdirilmegi hem-de durnukly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döredýändigini nygtady. Şunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, topluma girýän edara-kärhanalaryň işine kämil enjamlaryň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ünsi çekdi.

Wise-premýer Guwanç Agajanow önümçilik meýilnamalarynyň we ösüş maksatnamalarynyň bökdençsiz ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem möwsümleýin howa şertlerini göz öňünde tutup, işleriň netijeli guralmagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Ýygnagyň dowamynda nebitgaz toplumyna girýän düzümleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar nebiti we tebigy gazy çykarmak, şol sanda täze ýataklary gözlemek we özleşdirmek, olaryň eksport möçberlerini artdyrmak hem-de önümçilik kuwwatlyklaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri taslamalar, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy baradaky maglumatlar aýdyldy. Ýygnagyň dowamynda «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistanyň gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat esasy böleginiň gurluşygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak meselelerine aýratyn üns berildi. Mejlisiň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi hem-de pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.