Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 10-njy iýulda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri ýerlenildi.
Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Türkiýeli işewürler işewürleri Türkmenistanyň telekeçilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 264 880,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.







