GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň tebigatyna we milli gymmatlyklaryna bagyşlanan sergi gurnaldy
09.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan Gökderede ýerleşýän «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Türkmenistanyň tebigaty we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Sergide türkmen halkynyň milliligini wasp edýän gadymy haly önümleri görkezildi. Serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy lybaslary görkezildi. Çagalar höwes bilen gymmatlyklar baradaky berilýän gürrüňleri diňlediler.

Soňra dynç alýan çagalaryň arasynda guşlar bilen bagly bäsleşik geçirildi we ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Döwlet muzeýi tarapyndan geçirilen sergi ýaş nesliň wekillerinde uly täsir galdyrdy.