GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Kuwwatly desgalar we ýokary hünär ussatlygy: Türkmenistanyň burawçylary täze sepgitlere tarap barýarlar
08.07.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary zähmet ýeňişlerine besleýärler. Burawlaýjylar tarapyndan şu ýylyň geçen alty aýynda önümli guýularyň jemi 12-siniň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 67 müň 516 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar. Munuň özi meýilnamanyň 112,5 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Gözleg-gazuw işleri geçirilen ýerasty çuňlugyň 52 müň 90 metriniň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançlydyr.

Gazanylan bu üstünliklere «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hem saldamly goşant goşdular. Goturdepe we Uzynada meýdançalarynyň ýerasty gatlaklaryny senagat taýdan özleşdirmekde netijeli işleri alyp barýan müdirligiň zähmet toparlarynyň tagallasy bilen geçen döwürde gazuw işleri doly tamamlanan önümli guýularyň sany bäşe ýetdi. Olaryň dördüsiniň ulanyş maksatly guýular bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, ýangyç çig malynyň baý goruna eýe bolan baýlyklar käninde iş alyp barýan goturdepeli burawlaýjylar şu ýylyň başyndan bäri Demirgazyk Goturdepe känindäki 176-njy, 311-nji we 414-nji guýularyň gazuw işlerini öz wagtynda we netijeli tamamlamagy başardylar. Täze guýular tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýular häzirki wagtda kadaly önüm berýärler. Şeýle guwandyryjy netijäniň gazanylmagyna soňky döwürde has kuwwatly buraw desgalarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy aýgytly täsirini ýetirdi.

Ýakynda müdirligiň buraw başlygy Abdulmutallyp Isaýewiň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Gündogar Goturdepe känindäki 1 müň 824-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Burawlaýjylar taslama çuňlugy 3 müň 900 metr bolan bu guýynyň aşaky gyzyl reňkli gatlagyndan «gara altynyň» senagat akymyny aldylar. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Bu guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 38,7 tonna «gara altynyň» senagat akymyny berýär. Önümli guýynyň gazuw işlerinde Russiýa Federasiýasynda öndürilen «Uralmaş-3D» kysymly buraw desgasy ulanyldy.

— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek barada öňde goýan belent wezipelerinden ugur alyp, zähmet çekýän «Goturdepe» buraw işleri müdirligimiz boýunça gazuw işleri alnyp barylýan ýataklarymyzda geologlaryň tassyklamalaryna görä, «gara altynyň» gorlary az däl. Geljekde müdirligimiziň meýdançalarynda has çuň gatlaklara ýetýän guýulary gazmak göz öňünde tutulýar.

Gündogar Goturdepe känindäki täze ulanyşa berlen 1 müň 824-nji guýynyň gazuw işlerinde burawlaýjy Çaryýar Mätiýew, burawlaýjynyň kömekçileri Dörtguly Mämmetorazow, Sapargylyç Salyhow, Ärtagan Orazow, motorist Mekan Amanow, maşinist Ýazgeldi Gurbanmämmedow, abatlaýjy Şanazar Orazow dagy aýratyn işjeňlik görkezdiler.

Iň bir kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylarymyz has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy maksat edinip, ýakyn günlerde Gündogar Goturdepe känindäki 1 müň 825-nji guýynyň gazuw işlerine girişmegi maksat edinýärler. Buraw işlerinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen önümçilige ornaşdyrylan kuwwatlyklar has-da guwandyryjy sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar. Kämil buraw desgalary has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin burawlaýjylar her bir işe juda jogapkärli, eserdeň çemeleşýärler — diýip, «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Abdulmutallyp Isaýew gürrüň berdi.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti