Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi Nury Golliýew Gyrgyzystanyň Energetika ministri Altynbek Rysbekow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar energetika ulgamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi.
Diplomat we ministrligiň ýolbaşçysy hökümet hem-de hünärmenler derejesinde işjeň we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge özara taýýarlyklaryny bildirdiler.







