GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebitçi» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde Türkmenistanda ýylyň şygaryna bagyşlanyp döredijilik bäsleşigi geçirildi
06.07.2026

2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Nebitçi» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi guradylar.

Bäsleşige Gökderäniň dokuz sagaldyş-dynç alyş merkeziniň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Oglan-gyzlar aýdym aýtmakda, goşgulary çeper okamakda öz başarnyklaryny görkezdiler. Çagalar şeýle hem tans etdiler, degişme sahnalaryny ýerine ýetirdiler. Käbirleri sahnada çykyş edip durka, beýlekiler surat çekdiler, el işleri bilen meşgullandylar.

Bäsleşigiň jemleri boýunça «Çynar», «Nebitçi», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri», «Altyn damja» we «Demirýolçy» sagaldyş merkezleriniň döredijilik toparlary Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.