Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda nah galyndylary we dokma önümleri ýerlenildi.
Daşarky bazarda pagta süýümini, nah ýüpligini we pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Birinji hilli arassalanan pagta ýagy, çig ýüpek we kreton nah matasy içerki we daşarky bazarlarda uly eýe boldy.







