Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryndan 2026-njy ýylyň aprel aýynda eksport edilen nebitiň mukdary ortaça her gün 245 müň barrele deň boldy. Bu barada OPEK guramasynyň nebit bazaryna bagyşlap iýun aýynda çap eden hasabatynda bellenilýär. Täze görkezijiler şu ýylyň mart aýyndakydan 19 müň barrel, geçen ýylyň degişli döwründäkiden bolsa 10 müň barrel köpdür. Bu barada «Biznes Türkmenistan» saýty habar berdi.
Gazagystanyň daşary ýurtlara ugradýan nebitiniň esasy bölegi Hazar turbageçiriji konsorsiumynyň (KTK) terminaly arkaly Gara deňze akdyrylmagyny dowam etdirdi. Aprel aýynda bu ugurdaky akymlar durnuklylygyny saklap, gije-gündizde 1,6 million barrel derejesinde boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 5 göterim azdyr.
Sebitiň iki döwletiniň — Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebit önümlerini dünýä bazaryna çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan Baku–Tbilisi–Jeyhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly eksportyň göwrümi aprel aýynda her gün 541 müň barrele barabar boldy. Mart aýy bilen deňeşdirilende bu ugurda akymlar 47 müň barrel azalan hem bolsa, ol sebitiň logistika ulgamynda esasy durnukly şahalaryň biri bolmagynda galýar.
Umuman alanyňda, aprel aýynda Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki nebitiň eksporty durnukly ýagdaýy görkezip, gije-gündizde 6,6 million barrel boldy. Bu netije şu ýylyň mart aýynyň görkezijilerinden 1 göterim töweregi pesdir.







