GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Pekinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
02.07.2026

29-njy iýuny 20-nji iýuly aralygynda mugallymyň ýolbaşçylygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.

Üç hepdelik dowam edýän tomusky okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen tanyşarlar. Tejribeligiň dowamynda talyplar Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Şeýle hem olaryň «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaý medeniýeti» boýunça hem-de «Ýaşyl energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň gelejegi», «Ýüpek ýoly boýunça energetika hyzmatdaşlygyň gelejegi» atly gysga möhletli okuwlara gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Okuw-önümçilik tejribeligi 2023-nji ýylda Hytaýyň nebit uniwersiteti bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen baglaşylan Ähtnamanyň we Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýär. Ol talyplara nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.