GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýanyň Prezidentini iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
02.07.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe we ýurduň ähli halkyna ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňe gitmäge we gülläp ösmäge esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Zoran Milanowiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Horwatiýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.