01-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe söz berildi. Ol 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler, nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň ýokary derejede bellenilmeginiň möhümdigini aýtdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, öň berlen tabşyryklaryň durmuşa geçirilişi barada hasabatlar bilen Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, düzümlere sanly ulgamy we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler görüldi. Şeýle hem düzümleriň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýatlaryny kämilleşdirmek boýunça amaly ädimler durmuşa geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary we görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







