GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Hytaýyň SINOPEC nebithimiýa korporasiýasy Türkmenistanda nebit önümçiligini günde 1500 tonna çenli artdyrdy
01.07.2026

Hytaý nebithimiýa korporasiýasynyň (SINOPEC) ýanyndaky Halkara nebit serwis kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýurdumyzda 200 million amerikan dollary möçberinde iş amala aşyryp, dört ýylyň dowamynda 1 million tonnadan gowrak nebitiň gazylyp alynmagyny üpjün etdi. Kompaniýanyň taslamasy «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan resmi ýagdaýda sylaglandy.

Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý nebithimiýa korporasiýasynyň (SINOPEC) ýanyndaky Halkara nebit serwis kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 24-nji iýunyndaky Karary esasynda 2022-nji ýylyň 7-nji iýulynda gol çekilen 09/01-10/63 belgili şertnama boýunça işleri amala aşyrýar. Kompaniýanyň abatlaýyş topary hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäklerinde doly hyzmat toplumyny hödürleýär, ýagny guýularyň ikinji sütünini kesmek, şol sanda gapdallaýyn burawlamak, belli bir ugurly gapdallaýyn burawlamak, kese gapdallaýyn burawlamak, guýulary çuňlaşdyrmak, guýularyň içindäki we ýerüsti enjamlary düýpli abatlamak, gurnamak we işe girizmek, boş duran hem-de çäge ýüze çykarýan guýularyň ýanyndaky zolagyny berkitmek, suwy izolirlemek we turşulyk bilen işläp taýýarlamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär. Häzirki wagta çenli Hytaý nebithimiýa korporasiýasynyň (SINOPEC) ýanyndaky Halkara nebit serwis kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy şertnama borçnamalarynyň çäklerinde 200 million amerikan dollary möçberinde iş ýerine ýetirdi. Hytaý kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly işleri netijesinde täze nebitiň alnyşy 1 million tonnadan geçdi, gündelik nebit alnyşy bolsa, 1,5 müň tonnadan aşdy.

Hytaý nebithimiýa korporasiýasynyň (SINOPEC) ýanyndaky Halkara nebit serwis kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň (SINOPEC) ýanyndaky Halkara nebit serwis kompaniýasynyň bölümçesi bolup, daşary ýurtdaky nebit-gaz inženerçilik hyzmatlar bazaryny ösdürmek we giňeltmek üçin ýörite döredilen we Hytaý nebithimiýa korporasiýasynyň (SINOPEC) eýeçiligine degişli bolup durýar.

Türkmenistandaky şahamçany esaslandyryjy Hytaý nebithimiýa korporasiýasy (SINOPEC) kompaniýalar toparynyň nebitgaz gözlemek we çykarmak, şeýle hem daşary ýurt nebit inženerçilik işini alyp barmak şertlerinde inženerçilik toparlarynyň işgärlerini bitewi dolandyrmagy, utgaşdyrmagy we guramagy amala aşyrýar. 50 ýyllyk tejribesi bolan kompaniýanyň hünärmenleri çylşyrymly önümçilik meselelerini çözmäge ukyply, döwrebap enjamlary dolandyrýan inženerlerden we tehniklerden ybaratdyr. Kompaniýa nebit we gaz inženerçilik hyzmatlaryny (gözleg we önümçilik hyzmatlary) üstünlikli amala aşyrýar. Kompaniýanyň inženerçilik toparlary nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleri amala aşyrýarlar we geofiziki gözleg, buraw, düýpli abatlamak, nebit ýataklarynyň ýer üstüni düzmek we nebitgaz turbalaryny gurnamak üçin inženerçilik enjamlardyr tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrýar. Toparlar çylşyrymly relýefde we geologik şertlerde dürli inženerçilik taslamalaryny durmuşa geçirip bilýärler. SINOPEC korporasiýasynyň nebit inženerçilik toparlarynyň aglabasy IS0 9000 hil ulgamy şahadatnamasyna eýedir we Halkara potratçylar assosiasiýasynyň agzasydyr. Bu Halkara nebit serwis kompaniýasy ygtybarly hil barlagy ulgamyna, daşky gurşawyň howpsuzlygy (HSE), zähmet howpsuzlygy we arassaçylygy (OSH) we beýleki dolandyryş ulgamlaryny döretmek we amaly tehniki ösüşler üçin giňişleýin tehniki goldaw berýär. Şeýle hem bu Halkara nebit serwis kompaniýasy nebit ýatagy hyzmatlary pudagynda dürli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edip, dünýädäki nebitgaz inženerçiligi (gözleg we çykaryş) şertnamalarynda uly üstünlikleri gazandy. Esasan hem, Afrika, Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa, Amerika, Günorta Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly onlarça sebitlerde we ýurtlarda geofiziki gözleg, burawlamak, karotaž, gaz karotažy, önümçilik geofizikasy ýaly hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hem sementlemek, guýy işläp bejermek, ýerüsti gurluşyk, turbageçiriji gurmak, suw dolandyryşyny ösdürmek (suw üpjünçiligi), ýol gurluşygy ýaly ýüzden gowrak nebitgaz inženerçiligi we hyzmatlar taslamalarynda uly işleri alyp barýar.

Inženerler toparlarynyň gözleg we çykaryş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin gözleg we çykaryş artykmaçlyklaryndan we halkara markasynyň artykmaçlyklaryndan doly peýdalanýan bu kompaniýa Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan daşary ýurt kompaniýalary we ýurduň nebit-gaz toplumyna degişli döwlet edaralary bilen ýakyndan we netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar.

Hytaý nebithimiýa korporasiýasynyň (SINOPEC) ýanyndaky Halkara nebit serwis kompanýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ygtyýarynda köpýyllyk işleriň dowamynda tamamlanan köp sanly şertnamalaryň şertlerini üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän infrastruktura, ýokary hilli we ýöriteleşdirilen enjamlar, maddy çeşmeler, önümçilik we ýaşaýyş jaý bazalary, işçiler we ökde hünärmenler bar.

Şatlyk ýatagynda gazyň we gaz kondensatynyň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak ýaly işler bu kompaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak bilen alnyp baryldy. Döwletabat meýdançasyndaky hereketsiz ýatan guýulary düýpli abatlamak, Ýaşyldepe meýdançasynda burawlamak we täze guýulary gurmak, Döwletabat ýatagynda çylşyrymly geologiki we tehniki şertlerde gaz guýularyny düýpli abatlamak işleri geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň meýdanlarynda guýularyň ikinji sütünini kesmek, gapdallaýyn burawlamak, belli bir ugur boýunça kesegapdallaýyn burawlamak, çuňňur burawlamak, düýpli abatlaýyş, boş duran hem-de çäge ýüze çykarýan guýularyň zaboý ýanyndaky zolagyny berkitmek ýaly hyzmatlar ýerine ýetirildi.

Şahamça köp ýyl bäri «CNPC IT» we onuň bölümleri bilen kömekçi potratçy hökmünde hyzmatdaşlyk edýär, Bagtyýarlyk meýdançasynda guýy işleýiş desgasy we buraw hyzmatlaryny ulanyp, esasy we degişli hyzmatlary bermek boýunça işleri alyp barýar.

Kompaniýa ýokary hünär ussatlygy bilen ýerlerde standartlaşdyrylan dolandyryş we nebit çykarylyşynda belent sepgitleri eýeläp, müşderiniň we hyzmatdaşlaryň doly ynamyny gazandy. 1 million tonnadan gowrak çig nebitiň alynmagy ähli taslama gatnaşyjylaryň bilelikde gazanan uly üstünligi bolup, SINOPEC korporasiýasynyň Türkmenistandaky toparynyň hünär ussatlygyny, çeşmeleri utgaşdyryş derejesini we jogapkärli iş usulyny aýdyň görkezýär. Şahamçanyň baş direktory Jin Haifengiň ýolbaşçylygynda ähli işgärler öz üstüne ýüklenen borçlaryny üstünlikli berjaý edip, ýokary önümçilik netijelerini gazanýarlar. Hytaý nebithimiýa korporasiýasynyň (SINOPEC) ýanyndaky Halkara nebit serwis kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýurdumyzda 1 million tonnadan gowrak nebit çykarmak bilen, Merkezi Aziýada öz ornuny has-da berkitdi. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky uzak möhletli nebit-gaz hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak üçin berk esas döretdi. Geljekde hem kompaniýa daşary ýurt taslamalary boýunça öňünde goýan ähli wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin köne ýataklaryň toplumlaýyn dolandyryş ulgamyny kämilleşdirer. Önümçilikde howpsuzlyk we ekologiýa jogapkärçiligi boýunça talaplara berk eýerer, nebit çykarylyşyny artdyrmakda ähli ukyp-başarnygyny ulanyp, türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we halkara energetika hyzmatdaşlygynyň nusgawy taslamasyny döretmäge çalyşýar.

 

Çeşme: «Biznes reklama» gazeti