Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy iýunda Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary, ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2027-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.







