«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki esasy kärhanalaryň biri bolan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirligi 1971-nji ýylda döredildi. Müdirligiň döredilenine şu ýylyň 1-nji iýunynda 55 ýyl doldy. Häzirki wagtda bu müdirlik tarapyndan Nebitdag, Goturdepe, Barsagelmez, Demirgazyk Goturdepe, Günbatar Goturdepe, Gündogar Çeleken, Mydar ýaly nebitgaz ýataklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan «ZJ-70 DS», «ZJ-30T», «HJ-750», «HJ-450» kysymly kuwwatly 12 sany buraw desgasynyň kömegi arkaly ulanyş guýularynyň burawlama işleri alnyp barylýar.
Müdirlik boýunça meýilnama laýyklykda, 2026-njy ýylyň bäş aýynda 7 müň 191 metr çuňluk gazmak we 4 sany guýynyň gurluşyk işlerini tamamlap, olary ulanyşa tabşyrmak göz öňünde tutulan bolsa, 7 müň 387 metr çuňluk gazylyp, bu baradaky tabşyryk 102,7 göterim ýerine ýetirildi. Nebitdag, Günbatar Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe we Mydar nebitgaz ýataklarynda gurluşyk işleri tamamlanan 4 sany guýy buýrujylara tabşyrylyp, meýilnama 100 göterim amal edildi. Şeýle hem «Hazarnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine degişli bolan Gündogar Çeleken meýdançasyndaky taslama çuňlugy 3 müň 600 metr bolan 90-njy ulanyş guýusynda taýýarlyk işleri geçirilip, burawlamada barlamak göz öňünde tutulýar.
«Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirligine degişli bolan Mydar meýdançasyndaky taslama çuňlugy 2 müň metr bolan 32-nji ulanyş guýusynda buraw desgalarynyň gurnama işleri tamamlanyp, gazuw döwri dowam edýär. Gündogar Demirgazyk meýdançasyndaky 400-nji buraw desgalarynda diň gurnama işleri alnyp barylýar. Şeýle-de Barsagelmez, Goturdepe, Mydar nebitgaz ýataklarynda 7 sany guýuda gazuw işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň kesbinden kemal tapan «gara altyn» we «mawy ýangyç» ussatlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny üstünlikli jemlemek üçin gujurly zähmet çekýärler. Bu işde«Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň işjanly burawlaýjylarynyň mynasyp paýy bar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







