GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri telefon arkaly birnäçe söhbetdeşlikleri geçirdi
30.06.2026

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Özbegistanyň we Türkiýe Respublikasynyň liderleri, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, onuň ikitrapalaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan goşandyny bellediler.

 

Özbegistan: doganlyk gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy

 

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belläp,Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşler özara hormat goýmaga, açyklyga, dostluga esaslanýan ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň baş şertidigini nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlygyny beýan etdi.

 

Russiýa: strategik hyzmatdaşlygyň berkidilmegi

 

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýetini belläp, Prezident Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa salamyny, rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Taraplar ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklary we köpugurly özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orny eýeleýändigini bellediler.

 

Türkiýe: köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga üns berilmegi

 

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň türk-türkmen dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, uly şahsy goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Şu ýylyň güýz aýlarynda Türkiýe Respublikasynda ýokary derejeli möhüm çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (СOP31) gatnaşjakdygyna ünsi çekdi.