Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen energetika we ulag geçelgelerini döretmek, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça kabul edilen kararnamalaryň ähmiýetini bellediler. Şonuň ýaly-da, söhbetdeşler 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň döwletara gatnaşyklarda özara ynanyşmagy we birek-birege hormat goýmagy berkitmekde, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orna eýe boljakdygyny aýtdylar.
Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde kanunlaryň taslamalaryny halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek, milli Parlamentiň işiini sanlylaşdyrmak boýunça geçirilen okuw maslahatlaryň we duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Dmitriý Şlapaçenkony Birleşen Milletler Guramasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa täze diplomatik wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.







