GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Dünýä jemgyýetçiligi türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady
29.06.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli hatlar gelip gowuşdy.

Daşary ýurt döwletleriň prezidentleri, hökümet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, rowaçlyk we Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygyny we ösüşini üpjün etmegiň ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler!

Bellenilişi ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döredijilikli işi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan milli däp-dessurlaryny aýawly saklamak hem-de dünýädäki belent abraýyny barha pugtalandyrmak bilen, demokratik ösüşiň ýolunda ynamly öňe barýar.