GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebithimiýa önümlerine daşarky bazarda ýokary isleg bildirilýär
29.06.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwle haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerine ýokary isleg bildirildi.

Owganystanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «ECO-93» kysymly awtoulag benzinini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Owganystanyň, Özbegistanyň we Şweýsariýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwle haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçilerine nah ýüplügi, pagta süýümi hem-de birinji hilli arassalanan pagta ýagy ýerlenildi.

Içerki bazarda «Kreton» nah matany satyn almaga ýokary isleg bildirildi.