GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersiteti Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirdi
29.06.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi-filosofik mirasyny häzirki zaman ylmy garaýyşlaryň esasynda seljermek, onuň döredijiligindäki milli ruhy gymmatlyklary, ynsanperwerlik ýörelgelerini açyp görkezmekden ybarat boldy.

Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň filosofik dünýägaraýşynyň türkmen jemgyýetiniň ruhy ösüşindäki ornuny, şahyryň türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň ösüşine ýetiren täsirini bellediler. Gatnaşyjylar şeýle hem şahyryň döredijiliginde ahlak-medeni gymmatlyklaryň çeper beýany barada pikir alyşdylar.

Umumy mejlisden soňra ylmy-amaly maslahat uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, ýaş alymlarynyň, talyplaryň hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda sekiz bölümçede öz işini dowam etdirdi.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar işlemäge, okamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.