GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Indiki ýyl Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
27.06.2026

Indiki ýyl Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda 22 — 27-nji iýuny aralygynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy iýunda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen kabul edildi.