GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilikler dörediler
27.06.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilikler dörediler. Degişli teklibi wise-premýer Guwanç Agajanow 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistnyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hödürledi. Teklip Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan makullandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarynyň «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabatynda habar berlişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan zerur işler daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň ähmiýetini belläp, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.