26-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşyk, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geçiren iş we okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, öň berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we geljekki çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş etdiler.
Wise-premýerler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri we Kararlaryň taslamalaryny hem hödürlediler.
Hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýerlere olaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly degişli tabşyryklardyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







