Astanada 24-nji iýunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewiň bilelikde başlyklyk etmeginde iki ýurduň wekiliýetleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, ulag-logistika ulgamy, nebitgaz pudagy, bilim we medeniýet meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gazagystan Respublikasynyň wise-premýeri Galymžan Koýşybaýew Gazagystan Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bütin toplumyny ösdürmäge taýýardygyny belledi. Mejlisiň netijeleri boýunça jemleýji Beýannama gol çekildi.
Toparyň mejlisiniň çäklerinde iki ýurduň döwlet edaralarynyň, ösüş institutlarynyň we işewürler jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlän biznes-forum geçirildi. Çärä Türkmenistanyň 40-a golaý, Gazagystanyň bolsa 100-e golaý kompaniýalary gatnaşdy.
Biznes-forumyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.







