«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşydaky medeni-sport toplumynda çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Balkan welaýatynyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Bagtyýar nesilleriň owazy» atly aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu bolsa ýurdumyzda sungat ussatlarynyň täze nesliniň kemala gelýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem bu ýerde medeniýet we sungat ulgamy boýunça baý tejribe toplan sungat ussatlarynyň ýaş nesiller bilen duşuşygy geçirildi. Bu sungat älemine aralaşýan we çeper döredijilige gol beren ýaşlar üçin ähmiýetli waka boldy. Sungat ussatlary körpe artistlere özleriniň iş we durmuş tejribeleri barada gürrüň berdiler.
Medeniýet hepdeligi Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Konsert Medeniýet hepdeliginiň üçünji gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Medeniýet köşgünde geçirilen konsertiň dabarasy has-da belent boldy. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlarda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylýan üstünlikleriň waspy ýetirildi.
Artistleriň çykyşlarynyň ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň esasy tapgyrlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşmagy baýramçylyk konsertiniň ýakymly pursatlara we ýatda galyjy wakalara beslenmegini şertlendirdi. Konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary sungat ussatlaryny täze ajaýyp ýeňişlere ruhlandyrdy. Lebap, Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli işleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň senasy bolup ýaňlandy.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar ýurdumyzda milli medeniýetiň we sungatyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleri uly üstünlik bilen dowam edýär.







