GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan OPEC forumynda halkara maliýe edaralary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
25.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän Nebiti eksport ediji ýurtlaryň gurmasynyň (OPEC) Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar.

Şu ýyl «Ertirki günümiziň mümkinçiliklerini giňeldýän geçiş» şygary astynda bu forum OPEC Halkara ösüş gaznasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna gabat gelýär.

Çäre dünýäniň dürli künjeklerinden hökümetleriň, ösüş institutlarynyň wekillerini hem-de işewürlik ulgamynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär.

Wena saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti OPEC Halkara ösüş gaznasynyň Prezidenti doktor Abdulhamid Alhalifa, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi hem-de Türk Maýa goýum gaznasynyň Prezidenti Bagdad Amreýew bilen duşuşyklary geçirdi.