Türkmenistanyň Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti» atly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň döwrebap usullary, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler özleşdirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň baş şertini emele getirýär. Çykyş edenler öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmyň ösmegi bilen, adamyň zerurlyklaryna gönükdirilen «akylly» jemgyýetiň döreýändigine ünsi çekdiler. Sanlylaşdyrmagyň täsiri astynda zähmet bazarynda, bilim ulgamynyň ösüşinde hem düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeler şertlerinde zähmet bazarynda nähili üýtgeşmeleriň bolup geçjekdigi baradaky mesele köpleriň ünsüni çekýär.
Umuman, häzirki zaman zähmet bazary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim bermegiň döwrebap ugurlary, okuw maksatnamalary we usulyýeti boýunça pikir alyşmalar maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy.
Şeýlelikde, Balkan welaýatynda dowam edýän we öz içine köpsanly dürli çäreleri alýan giň göwrümli çäre, türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine öz goşantlaryny goşýan döredijilik işgärleri üçin ýene-de bir gezek ýatdan çykmajak baýrama öwrülýär.







