GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Hytaýda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler
24.06.2026

Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde 22-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. 
Çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, Hytaý nebit uniwersitetiniň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi.
Çykyş edenler bilim, ylym we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini aýratyn nygtadylar.
Taraplar şeýle hem ugurdaş bilimleriň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, iki ýurduň öňdebaryjy nebitgaz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki bilim taslamalaryny ösdürmek boýunça meselelerine seretdiler. 
Şunda şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministriniň orunbasary Din Sýuesýanyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde açylan «Lu Ban ussahanasynyň» üstünlikli işi bellenildi.
Çäräniň resmi bölegi tamamlanandan soň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary hem-de türkmen diplomatlary Hytaý nebit uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdylar.