Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly baýram edilip bellenilýän günleriniň öň ýanynda Medeniýet hepdeliginiň her ýyl bir welaýatda geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu gezekki Medeniýet hepdeligi 22 — 27-nji iýun aralygynda geçirilip, onuň dowamynda bäş welaýatyň hem-de Aşgabat şäheriniň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda täsirli çärelerdir konsertler guralar. Medeniýet hepdeligine Balkan welaýatynyň belli bagşy-sazandalary, ýaş estrada aýdymçylary bilen birlikde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa topary hem gatnaşýar.
Topar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň rowaç ösüşlerine bagyşlanan täze döredijilik çykyşy taýýarlady.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







