Bakuwda ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ilki bilen ikitaraplaýyn, soňra bolsa resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşyk geçirdiler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gezekki saparynyň däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigini nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi hem-de şu gezekki saparynyň hem ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtap, geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna iki gezek sapar bilen gelendigini, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak boýunça edýän şahsy tagallalary we aýratyn ünsi üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Dostlukly ýurduň Lideri, öz gezeginde, Türkmenistanyň Halka Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek mübärekläp, Azerbaýjana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu sapara Azerbaýjanda örän uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. «Siziň Azerbaýjana şeýle wekilçilikli düzüm bilen gelendigiňize örän şatdyryn» diýip, dostlukly ýurduň döwlet Baştutany aýtdy we iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirjekdiklerini belledi.
Ilham Aliýew şu günki gol çekiljek resminamalaryň wajyp ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza Fizuli şäherinde sowgat hökmünde metjit gurmak baradaky çözgüdi üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäklerinde bu metjidiň düýbi tutuldy. Bu baradaky çözgüt bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň tomsunda Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edildi. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ýene bir güwäsidir.
Dostlukly ýurduň Prezidenti ikitaraplaýyn gün tertibiniň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýandygyny aýdyp, Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň döredijilik toparlaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol geçen ýyl Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini belledi we ynsanperwer ulgamdaky şeýle hyzmatdaşlygyň umumy taryhy bolan halklarymyzyň gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.
Ilham Aliýew ählumumy gün tertibiniň ulag, energetika howpsuzlygy ýaly möhüm meseleleri barada aýdyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki başlangyçlaryň çäklerinde sebitde, şeýle hem dünýäde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi we türkmen wekiliýetini azerbaýjan topragynda ýene-de bir gezek mübärekledi.
Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Ilham Aliýewe ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň esasy şerti bolup durýar. «Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iki gezek sapar amala aşyrandygyny bellemek isleýärin. Şeýle hem geçen ýyl Siziň Türkmenistana saparyňyz boldy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasat ugruny, parahatçylygy üpjün etmäge, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
«Öz gezeginde, Türkmenistan hem Azerbaýjan Respublikasynyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýar. Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, biz 2026-njy ýylyň oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmegi teklip etdik» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ulgamda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň durnukly ösüş depginini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň bu ugurdaky uly mümkinçiliklerine ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň ýurdumyzdan Azerbaýjan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilikleriniň bardygyny, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklar biziň hyzmatdaşlygymyzyň strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň amatly geografik ýerleşişini nazara almak bilen, olar halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga ukyplydyrlar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.
«Ýurtlarymyz Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyçlary goldaýarlar. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň baglanyşdyrylmagy ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we dokma senagatlarynda, beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, festiwallaryň, beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Geçen ýylyň oktýabrynda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri, şu ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda möhüm ruhy taslamanyň — Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň amala aşyrylýandygyny aýdyp, metjidi gurmak başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidigini, bu taslamanyň halklarymyzyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljekdigini nygtady.
Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.







