GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy daşarky bazarda nebithimiýa önümlerini ýerledi
23.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 22-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Owganystanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «ECO-93» kysymly awtoulag benzinini satyn almak boýunça geleşikler baglaşdylar.

Türkiýeli telekeçiler türkmen işewürleri bilen nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 45 136 680 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.