GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy energetika hem-de «akylly şäher» tehnologiýalary ulgamynda bilelikdäki taslamalary meýilleşdirdiler
23.06.2026

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Seul şäherinde Koreýanyň Halkara söwda birleşiginiň (KITA) wise-prezidenti Li San Jun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler bilelikdäki taslamalar üçin has geljegi uly ugurlaryň hatarynda energetika, nebithimiýa, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem şäher gurluşygy we «akylly şäher» tehnologiýalaryny aýratyn bellediler.

Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly birinji sammitiň çäklerinde bilelikdäki ykdysady çäreleri guramak meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmen diplomaty, öz gezeginde, Aşgabadyň Seul bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady we Koreýanyň Halkara söwda birleşiginiň işjeň goldaw bermegi netijesinde öňde duran işewürlik duşuşyklaryny we forumlary netijeli taýýarlamaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.