Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda 20-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn almak boçunça geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmenpagta» döwlet konserni bilen pagta süýümini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 46 440 000 manada we 679 000 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.







