GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny we geologiýa-gözleg işlerini ösdürmek boýunça täze ädimleri goldady
22.06.2026

20-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek hem-de bu ugurda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmennebit» döwlet konsernine Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd» kompaniýasynyň hem-de konserniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berlendigini aýtdy hem-de bu möhüm waka mynasybetli nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabatyny dowam edip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryna baý bolan gurluşlary senagat taýdan özleşdirmek hem-de gözleg-barlag guýularynyň gazuw işlerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesinden we tehnologiki mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de bu ugurda halkara öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.