GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda türkmen-malaý nebitgaz hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi
20.06.2026

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýöriteleşdirilen sergi öz işini tamamlady. Sergi «Türkmenistan–Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň 30 ýyly» atly Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş geçirildi.

Sergide türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk taryhyndaky esasy tapgyrlar şöhlelendirilip, uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak, deňiz infrastrukturasyny ösdürmek, gazy gaýtadan işlemek, nebithimiýa senagaty, sanly özgertmeler hem-de hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda durmuşa geçirilýän öňdebaryjy tehnologiýalar we geljegi nazarlaýan taslamalar tanyşdyryldy.

Sergä dünýäniň energetika pudagynda öňdebaryjy orun eýeleýän «PETRONAS», «SLB (Schlumberger)», «Halliburton», «Dragon Oil», «Malaysia Petroleum Resources Corporation» (MPRC) we «Malaysia Marine and Heavy Engineering» (MMHE) kompaniýalary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet energetika kärhanalary, ylmy-barlag edaralary we ýöriteleşdirilen bilim ojaklary gatnaşdylar.

Gaz infrastrukturasyny ösdürmäge hem-de energiýa bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga dünýäde gyzyklanmanyň artýan şertlerinde bu çäre Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem milli nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary we maýa goýumlary çekmäge ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.