GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
20.06.2026

19-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi. Gadymy Änew topragynda bina edilen täze metjitde edilen bu asylly iş halkymyzyň ýagşy dessurlara ygrarlydygynyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz Ahal ýaýlasynyň bezegine öwrülen metjidiň ýanynda mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlenip, gadymdan gelýän türkmençilik däpleriniň yslam dini bilen berk baglydygyny belledi. «Şonuň üçin türkmen halky her bir işe «Bismilla!» diýip, Allanyň ady bilen başlaýar. Haýyrly işleriň rowaç bolmagyny dileg edip, sadaka berýäris, ýagşy dilegler edýäris. Ýurdumyzdaky gonamçylyklaryň daş-töweregini arassa saklamaga hem uly üns berilýär. Şu gün hem biz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowara gatnaşyp, sogap iş etdik» diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy we merhumlaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagyny dileg etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öten-geçenlerimizi hatyralamagyň sogap iş hasaplanýandygyny aýdyp, «Ölüsini sylan beg bolar, dirisini sylan — baý» diýýän halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara uly hormat goýulýandygyny nygtady. Öten-geçenleri hatyralap, Seýit Jemaleddin metjidinde berilýän sadaka hem munuň bir mysalydyr.

Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessura eýerip, tebärek çykandan soňra, hajy Arkadagymyzyň berýän sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir gününiň beýik zähmet üstünliklerine beslenýän pursatlarynda Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenleri hatyralap berlen sadaka gatnaşanlar milli aşhananyň dürli tagamlaryndan dadyp, ýurdumyzda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, öten-geçenleri hatyralap okalan doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, hajy Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýdyp, okalan aýatlaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we «Ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun! Bagtyýar durmuşymyz dowamat-dowam bolsun!» diýip, ýagşy arzuwlaryny beýan etdi.

Sadakadan soňra, hajy Arkadagymyz asman giňişliginde Aşyr aýynyň ilkinji günlerinde lowurdap dogan Aýy ýüzüne syldy we ýurdumyza abadançylyk, parahatçylyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny dileg etdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň her bir pursatda Watanymyz, halkymyz barada alada edýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde jemagat bilen bilelikde agşam namazyny okady.

Üç rekagat parz we iki rekagat sünnet namazlary okalandan soňra, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly hajy Serdarymyzyň tutumly işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuwlanyp, doga-dilegler edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidiniň haýyrly işleriň bähbidine halkymyza hyzmat edýändigini belledi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.