GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Innowasiýalar iş ýüzünde: wirtual tejribe simulýatorlar geljekki nebitçileri okatmagyň hilini ýokarlandyrýar
20.06.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülistan Toýçyýewanyň nebitgaz pudagynda bilimi sanlylaşdyrmaga gönükdirilen taslamasy 2026-njy ýylda geçirilen ylmy işleriň döwlet bäsleşiginde iň gowylarynyň hataryna girdi. Bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.

Mugallymyň «Sanly bilim ulgamynda wirtual tejribe simulýatorlarynyň ulanylyşynyň pedagogik innowasion ähmiýeti» atly ylmy işi ýangyç-energetika toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak işine döwrebap sanly tehnologiýalaryny, interaktiw programmalary we emeli aňyň elementlerini ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Wirtual tejribe simulýatorlar kompýuter tehnologiýalary we programma üpjünçiligi esasynda döredilen, hakyky ýagdaýlary, prosesleri ýa-da enjamlary modelleşdirýän interaktiw okuw gurallary hökmünde kesgitlenilýär.

Nebitgaz pudagyna wirtual simulýatorlar näme üçin gerek?

Nebitgaz işiniň özboluşlylygy ýokary tehnologiýalar we howply önümçilik bilen baglanyşyklydyr. Şunda, wirtual simulýatorlar okatmagyň aşakdaky esasy wezipelerini çözýärler:

  • Önümçilikdäki howpsuzlyk: Talyplara hakyky laboratoriýa şertlerinde geçirilýän tejribeleri howpsuz, elýeterli we gaýtalanýan görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa heläkçilikleriň bolma ýa-da şikesleriň ýetme töwekgelçiligini doly aradan aýyrýar.
  • Çylşyrymly amallary modelirlemek (göz öňüne getirmek): Bu tehnologiýalar arkaly talyplar fiziki hadysalary, himiýa reaksiýalaryny, matematiki çözgütleri, biologik prosesleri wizual görnüşde synlap, olar bilen interaktiw hereketleri amala aşyryp bilýärler. Şeýle çemeleşme abstraksiýa düşünjeleriň özleşdirilmegini ýeňilleşdirýär we uzak möhletli ýatda saklamany üpjün edýär.

Şu günki gün bu öňdebaryjy usul eýýäm iş ýüzünde üstünlikli ornaşdyryldy: wirtual tejribe simulýatorlar «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň umumy we amaly sapaklarynda işjeň ulanylyp, ýurdumyzyň senagaty üçin sanly inženerleriň we operatorlaryň täze neslini taýýarlaýar.