GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Slowakiýa energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugruny kesgitlediler
19.06.2026

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak hem-de Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Daşkent şäheri) Wiktor Boreski bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň energetika, ulag, maglumat tehnologiýalary we oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri boýunça pikir alşyldy. Toparyň işiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasy we ykdysady edaralarynyň arasynda özara saparlaryň guralmagyny hem öz içine almak bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Mundan başga-da, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.