GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen talyby turbageçirijilerde syzylylyp akyp gidýän gazy öz wagtynda anyklap bilýän roboty döretdi
19.06.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Meýlis Çüriýew turbageçirijilerde syzylylyp akyp gidýän gazy öz wagtynda anyklap bilýän emeli aňy peýdalanýan roboty döretdi. Onuň «Emeli aň peýdalanýan roboty we programma serişdelerini döretmek» atly taslamasyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginde ýokary baha berildi.

Robot enjamy elýeterli Arduino tehnologiýasyny hem-de programmirleme dilini ulanmak bilen döredildi we şol sebäpli daşary ýurt analoglara garanyňda arzan düşýär. Mundan başga-da, döredilen robotyň maksadyny we ýerine ýetirýän wezipelerini giňeltmek mümkinçiligi bar.

Taslama Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda sanlylaşdyrmagyň bir mysaly hökmünde çykyş edýär.