GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde gaz känleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi
18.06.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň gaz we gazkondensat ýataklarynyň işlenip geçilişinde tehniki we tehnologiýa taýdan ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze tehnologik çözgüt işlenip düzüldi. Bu ýokary okuw jaýynyň nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek kafedrasynyň öwreniji mugallymy Serdar Hojagulyýew çig malyň galyndy gorlarynyň senagat taýdan ulanylyşyny gaýtadan dikeltmek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmalary hödürleýän «Çylşyrymly şertlerde özleşdirilýän gaz ýataklarynyň önümliligini ýokarlandyrmak» diýen temada ylmy-barlag işini hödürledi. 
Barlagyň amaly bölegi anyk «Ş-1» gaz ýatagynyň mysalynda ýerine ýetirildi. Hakyky geologiýa-önümçilik maglumatlaryny seljermegiň esasynda «Ş-1» ýatagynyň mysalynda tebigy gazyň başlangyç gorundan galan alynmadyk bölegini gaýtadan dikeldip, işläp geçmek boýunça tehnologik we tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmanyň görkezijileri hasaplanyldy.
Şeýle hem işiň çäklerinde alym gaz-kondensat ýatagynyň önümli gatlagynyň özleşdirilmeginiň soňky tapgyryndaky ýagdaýyny öwrendi. Käniň işlenip geçilişiniň hakyky görkezijileri nazara alnyp, suw batlandyryjy gurluşyň täsirini hasaba almak esasynda kände hereket edýän gatlak suwlarynyň göwrümi hasaplanyldy. Käniň ahyrky gaz berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýatagyň gazlift usuly arkaly gaýtadan işläp geçilişiniň esasy tehnologik görkezijileri 3 görnüşde hasaplanyldy we tehniki-ykdysady taýdan esaslandyryldy. 
Bu ylmy taslamanyň maksady «Ş-1» ýatagynyň mysalynda tebigy gazyň başlangyç gorundan galan alynmadyk bölegini gaýtadan dikeldip, täzeden işläp geçmekligiň hasabyna ýatagyň ahyrky gaz berijilik koeffisiýentini we ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmakdyr. Onuň hödürlenýän ýeri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş», «Lebapgazçykaryş», «Marygazçykaryş» müdirlikleridir.