«Türkmennebit» döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda gol çekdi.
Ylalaşyk «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň hem-de konserniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda baglaşylar.
Karar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksady bilen kabul edildi.







