Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.
Şu ýylyň hasyly üçin Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Häzirki wagtda welaýatyň babadaýhanlary döwlet Baştutanymyzyň tagallalaryndan ruhlanyp, galla oragy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlar netijeli ulanylýar. Tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Muhammetsähedowa degişli bolan bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde kärendeçi döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary, gallaçy kärendeçileri üçin buýsançly wakadygyny belledi. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk pudagyna berýän yzygiderli goldawlary netijesinde gallaçy babadaýhanlaryň ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirýändiklerini aýdyp, döredilýän ajaýyp mümkinçiliklere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra kärendeçi ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kärendeçiniň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda däne ýygýan kombaýnlar bugdaý hasylyny ormaga girişdiler.
Döwlet Baştutanymyz «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň geçirilişini synlady.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz kärendeçi D.Muhammetsähedow bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.
Kärendeçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14 gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýändigini aýtdy. Daýhanyň bereketli toprakdan bol hasyl almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kämil tehnikalar, ýokary hilli tohum we dökün bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady.
Sergi Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky hasylyndan alnan undan taýýarlanylandygyny bellemek gerek.
Soňra bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowа ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler ähli welaýatlarda galla oragy dowam edip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar.
Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, munuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti kärendeçi D.Muhammetsähedowa sowgatlary gowşurdy.
Kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, yhlasly zähmetini gaýgyrman, Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli işlemegi, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertleriň döredilýändiginiň, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.







